Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň topary çykyş etdi

14:5027.09.2022
0
26693
Aşgabatda Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň topary çykyş etdi

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» tans toparynyň konserti geçirildi. Bu meşhur toparyň tansçylary Çelýabinsk oblastynyň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanda bolýarlar.

Teatryň sahnasynda «Ural» döwlet tans toparynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli taýýarlan dostluk konserti ýaýbaňlandyryldy. Konsert maksatnamasy toparyň altyn gaznasyna giren horeografik çykyşlaryň 12-sini öz içine aldy. «Dostluk çemeni» atly çykyş bilen başlanan joşgunly tanslarda Ural sebitlerinde ýaşaýan halklaryň tans sungatynyň özboluşly aýratynlyklary giňden açylyp görkezildi. Çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Munuň özi olaryň zähmetine we zehinine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Diýarymyzda dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän şeýle medeni çäreler döredijilikli zähmetiň hem-de ylhamyň hakyky baýramçylygyna öwrülip, halklary birek-birek bilen ruhy taýdan has-da ýakynlaşdyrýar.

Ýeri gelende bellesek, Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň 1980-nji ýylda döredilen «Ural» tans topary diňe bir Çelýabinsk oblastynda däl, eýsem, tutuş Ural sebitinde öňdebaryjy tans toparlarynyň biri hasaplanýar. Bu döredijilik topary Russiýanyň çäginde we halkara derejede geçirilýän abraýly bäsleşiklerdir festiwallaryň ýeňijisi bolup, dünýäniň ençeme döwletinde öz ajaýyp çykyşlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. «Ural» tans toparynyň döredilmeginiň maksady bu sebitde ýaşaýan halklaryň taryhyny, etnografiýasyny, däp-dessurlaryny döwrebap tans eserleriniň dilinde açyp görkezmekden ybaratdyr. Toparyň köpöwüşginli çykyşlarynda urallylaryň ýerli sungaty wagyz edilip, olaryň milli aýratynlyklary we folklory häzirki zaman horeografik eserlerinde öz beýanyny tapýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň