Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow oktýabr aýynda Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşar

11:0827.09.2022
0
13596
Serdar Berdimuhamedow oktýabr aýynda Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşar
Surat: president.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň adyndan gutlag haty gelip gowuşdy. Özbek Lideri gutlag hatynda Serdar Berdimuhamedow bilen oktýabr aýynda ýokary derejeli duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan gatnaşyklary maslahatlaşjakdygyny belleýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Gutalag hatynda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

— Siziň köptaraply işiňiz, ýurduňyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen yzygiderli özgertmeleriňiz, sebit we dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryňyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam berýär. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklar, iň ýokary derejedäki netijeli we yzygiderli dialog bizi örän buýsandyrýar.

Siziň şu ýylyň iýun aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň hemmetaraplaýyn we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzy has ýokary derejä çykarandygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Ýakynda Samarkant şäherinde guralan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyňyz hem-de geçiren netijeli gepleşiklerimiz biziň depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygymyza täze itergi berer.

Biziň oktýabr aýynda boljak ýokary derejedäki duşuşygymyz, ozal gazanylan we netijeli durmuşa geçirilýän möhüm ylalaşyklarymyz hem, gürrüňsiz, doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitlerine, iki ýurduň ösdürilmegine hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň