Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

09:0027.09.2022
0
23884
 Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy bilen gutlady. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynda şeýle diýilýär:
«Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary watansöýüjilik duýgusyny döredýän bu milli baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna pugta ynanýaryn.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.
Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrýan döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesi, abraýy belende galdy. Şoňa görä-de, bu milli baýram mynasybetli önümçilik we durmuş maksatly täze binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berýäris, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslaryny, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, döwlet maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýan watandaşlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurýarys.
Ýaňy-ýakynda örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Döwlet Maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi we onda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem söýgi, ruhubelentlik duýgularyny döretdi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrdy.
Eziz halkym!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň öňde goýan ägirt uly wezipelerimiziň baş maksady Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» hem-de toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris. Milli ykdysadyýetimizi innowasiýalar esasynda diwersifikasiýalaşdyryp, sanlylaşdyrmak, senagatlaşdyrmak boýunça işleri üstünlikli dowam etdirýäris.
Paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, sebitlerimizde häzirki zaman obalaryny, şäherçeleri, kiçi, orta we iri senagat önümçiliklerini, döwrebap ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurup, mähriban halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrýarys.
Dünýäde we sebitde hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzy dowam etdirip, Bitarap Watanymyzyň geljegi, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidi bilen bagly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşýäris. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman, Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, ähli yklymlaryň ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy barha berkidýäris we ösdürýäris.
Biziň öňe süren halkara başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji umumy mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamalary hökmünde beýan edildi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýan, eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem-de guwanç duýgularyny döredýän taryhy wakalara öwrüldi. Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny giňden baýram edýän berkarar döwletimiz geljekde-de ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe gider.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň