Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça U-17 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşar

18:0626.09.2022
0
19019
Türkmenistanyň futbol boýunça U-17 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşar

Ýene 5 günden ― 1-nji oktýabrda 17 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklaryna badalga berler. Bu duşuşyklara Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy hem gatnaşýar.

Türkmen ýygyndysy bije çekişligiň netijesinde «A» toparçada ýaryşmaly boldy. Biziň ildeşlerimizden başga-da, Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Siriýanyň we Filippinleriň ýygyndylaryny öz içine alýan toparçanyň duşuşyklary 1 ― 9-njy oktýabr aralygynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

Saýlama duşuşyklar her toparçada bir aýlaw görnüşinde bolar. Saýlama ýaryşyndaky 10 toparçanyň ýeňijileri hem-de ikinji orny eýelän toparlaryň bäşisi Aziýanyň Kubogynyň (U17) 2023-nji ýylyň 3 — 20-nji maýy aralygynda Bahreýnde geçiriljek final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Kubogyň ýeňijileri (ýarym finala çykan 4 ýygyndy) Peruda geçiriljek Dünýä Kubogy — 2023-de (U17) Aziýanyň wekili hökmünde çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň