Soňky habarlar

Arhiw

«Dünýäniň patyşalary» San-Sebastýan kinofestiwalynda baş baýraga mynasyp boldy

17:5026.09.2022
0
18428
«Dünýäniň patyşalary» San-Sebastýan kinofestiwalynda baş baýraga mynasyp boldy
Surat: thewestonmercury.co.uk

Kolumbiýaly režissýor Laura Morynyň «Dünýäniň patyşalary» atly filmi Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde geçirilen 70-nji halkara kinofestiwalyň iň oňat filmi diýlip yglan edildi we «Altyn balykgulak» diýen ýokary baýraga mynasyp boldy. Bu barada «MIR24» habar berýär.

Kinofestiwalyň iň gowy aktýorlyk işleri üçin baýraklaryna ispan aktrisasy Karla Kiles we fransiýaly Pol Kirçer mynasyp boldular.

San-Sebastýandaky halkara kinofestiwal 1953-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär we Ýewropada iň abraýlylaryň biri hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň