Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda üstünlikler gazanylýar

15:4602.05.2015
0
3530

Şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça üstünlikler gazanyldy. Ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we aragatnaşyk hyzmatlarynyň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 117,5 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 114,7 göterime  barabar boldy. Häzirki wagtda içerki demir ýollary, inžener-tehniki desgalary, şol sanda demir ýol geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 139,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 101,9 göterim, ýolagçy gatnatmakda  100,8 göterim üpjün edildi.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,8 göterime barabar boldy.  Şu döwürde ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 202,7  müň, şol  sanda 189 müň öýjükli belgi, 4,7 müň radiotelefon belgi we 9 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,4 esse ýerine ýetirildi. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 832 telefon belgilik beketler gurnaldy we 815,7 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 120,4 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 106,6 göterim, ýolagçy gatnatmakda bolsa 100 göterim üpjün edildi. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe  ýerine ýetirilen  işleriň ösüş depgini 130 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE”  aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglylykda, tapgyrlaýyn işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, birnäçe günüň dowamynda emeli hemra geostasionar orbitanyň gündogar uzaklygynyň 52o nokadyna ýeter. Şu günleriň dowamynda Koreýa Respublikasynda, Fransiýada, ABŞ-da we Italiýada ýerleşýän ýerüsti dolandyryş stansiýalarynyň birnäçesiniň kömegi bilen emeli hemra gije-gündiziň dowamynda yzygiderli gözegçilik ediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň