Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan «Uly sekizlikde» ösýän ýurtlaryň meselelerine üns çekmekçi

16:3526.09.2022
0
18489
Hindistan «Uly sekizlikde» ösýän ýurtlaryň meselelerine üns çekmekçi
Surat: news18.com

2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap, «Uly sekizlikde» (G20) başlyklyk etjek Hindistan ösüp barýan ýurtlaryň meselelerine has köp üns çekmekçi. Bu barada ýurduň DIM-niň başlygy Subramaniýam Jaýşankar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda umumy syýasy pikir alyşmagyň barşynda habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

«Hindistan Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyna (ählumumy Günorta diýlip atlandyrylýan döwletleriň, ýagny, esasan, Latyn Amerikasynyň, Aziýanyň we Afrikanyň ösýän ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk) eýermek bilen, giň ykrarnama gazandy. Biziň çemeleşmämiz özara birek-birege hormat goýmaga, milli jogapkärçilige, şeýle-de hemmeler üçin durnukly ösüşe eýerýär. Dekabrdan başlap, biziň «Uly sekizlikde» başlyklyk edýändigimiz bilen baglylykda, ösýän ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri babatda ynjalyksyzlanma bildirýäris» diýip, Jaýşankar çykyşynda nygtady.

Ol öz ýurdunyň «G20»-iň agzalary bilen bergiler, ykdysady ösüş, azyk we energiýa howpsuzlygy hem-de daşky gurşawyň meseleleriniň çözgüdi babatda bilelikde işleşmekçidigini aýtdy.

«Köptaraplaýyn maliýe edaralarynyň dolandyrylyşynda özgertmeleri geçirmek biziň esasy ugurlarymyzyň biri bolup durýar» diýip, hindi ministri sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň