Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada 120 müň kärhananyň ýapylmagy mümkin

16:0026.09.2022
0
18551
Italiýada 120 müň kärhananyň ýapylmagy mümkin
Surat: 1prime.ru

Italiýanyň 120 müň töweregi kiçi we orta telekeçilik kärhanasyna barha gymmatlaýan elektrik energiýasy sebäpli ýapylmak howy abanýar. Bu barada ýurduň Confcommercio telekeçiler assosiasiýasynyň başlygy Karlo Sangalli «Corriere della Sera» gazetine beren interwýusynda habar berdi.

«Häzirki wagtdan başlap, 2023-nji ýylyň birinji ýarymyna çenli hyzmatlar ulgamynda 120 müňden az bolmadyk kiçi kärhanalara ýapylmak howpy abanýar, bu, öz nobatynda, 370 müň iş ornunyň ýitirilmegine getirip biler. Bu has iri kompaniýalary hasaba almanyňda, seresap çaklamadyr» diýip, Sangalli belledi.

Onuň sözlerine görä, Italiýada elektrik energiýasyna nyrhlar beýleki Ýewropa ýurtlaryna garanda, has artýar. Mysal üçin, ýurtdaky myhmanhanalar, garbanyşhanalardyr dükanlar Germaniýadaky bilen deňeşdirilende, ortaça 60 göterim köp tölemeli bolarlar. Fransiýa bilen deňeşdirilende bolsa bu görkeziji üç esse ýokarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň