Ilon Mask ilkinji adam sypatly «Tesla Bot» roboty bilen tanyşdyrmakçy

13:5826.09.2022
0
16916
Ilon Mask ilkinji adam sypatly «Tesla Bot» roboty bilen tanyşdyrmakçy
Surat: gazeta.ru

Dünýäniň iň baý işewürleriniň biri Ilon Maskyň «Tesla» kompaniýasynyň «Al Day» atly her ýylky tanyşdyrylyş dabarasy bu gezek 30-njy sentýabrda geçiriler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Teslanyň» žurnalistlere ýollan çakylyk hatlarynda şowhunyň çäklerinde kompaniýanyň «Tesla Bot» diýen ilkinji adamsypat roboty bilen tanyşdyryljakdygy hem habar berilýär.

«AI Day – 2022» dabarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Palo-Arto diýen ýerinde geçiriler, onda kompaniýanyň emeli aň ulgamyndaky Full Self-Driving, Tesla Bot, Dojo we beýleki täze taslamalary bilen tanyşlyklar guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň