Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ Merkezi Aziýadaky bilim we ykdysady taslamalara 25 million dollar gönükdirer

12:5626.09.2022
0
14357
ABŞ Merkezi Aziýadaky bilim we ykdysady taslamalara 25 million dollar gönükdirer
Surat: gazeta.ru

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim derejesini we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze ykdysady başlangyç hökmünde 25 million dollar bölüp berer. Bu barada Nýu-Ýorkda Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň we Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisiniň gatnaşmagynda C5+1 tertipde geçirilen nobatdaky duşuşykda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken habar berdi.

Duşuşykda türkmen tarapy çykyş edip, syýasy we durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara maýa goýumlaryny, infrastrukturany, ulag we aragatnaşyk, sosial we energiýa taslamalaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem onda sebitde häzirki wagtda öňe çykýan möhüm meseleler, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň ABŞ bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek çygrynda tagallalary birleşdirmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, C5+1 formatynyň institusional goldaw we gazanylan şertnamalaryň utgaşykly durmuşa geçirilmegi işini üpjün etmek üçin döredilen Wirtual Sekretariaty işe girizildi. Sebitiň ykdysady howpsuzlygyny we özara gatnaşyklaryny güýçlendirmek, azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de adam hukuklaryna ygrarlylygy güýçlendirmek baradaky başlangyçlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hususy pudagy ösdürmek, howanyň üýtgemegi we häzirki zaman ýaşyl tehnologiýalary işläp taýýarlamak, suw çeşmelerini dolandyrmak, infrastrukturany meýilleşdirmek we gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, şeýle hem bilim mümkinçilikleri babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň