«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» hünärmenleri işe çagyrýar

11:4126.09.2022
0
41132

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ işleriň depginini güýçlendirýändigi sebäpli, degişli iş tejribesi bolan hünärmenleri we inženerleri işe çagyrýar

Zawod häzirki wagtda talap edýär:

  • gämi gurluşyk we şuňa degişli ugurlar boýunça inženerler (inžener-defektowşik, inžener-tehnolog, inžener-konstruktor, inžener-taslama düzüji);
  • önümçilik birleşiginiň brigadiri (ussasy);
  • sehleriň başlygy;
  • barlag-hil gözegçiligi boýunça inžener;
  • ýonujy-frezerçi;
  • enjamlaryň operatory;
  • elektrokebşirleýjiler;
  • gaz bilen kesijiler;
  • montažçylar.

Dalaşgärleriň degişli şahadatnamalar we resminamalar bilen tassyklanan iş tejribesi bolmaly.

Isleg bildirýän dalaşgärler maglumatlaryny «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-nyň saýtyna ugradyp bilerler.

Ýokary kwalifikasiýaly hünärmenler ýaşaýyş jaý bilen üpjün ediler. Ýaşaýan ýerinden gatnatmak üçin ulag bilen üpjün ediler. Zawodyň çäginde naharhana hem bar.

  • Salgysy: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş, köç. Şagadam 8.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 243 49441; +993 243 49541;
  • Faks: +993 243 49542
  • E-mail: balkanshipyard.tm@gmail.com

Saýlanan dalaşgärler gürrüňdeşlige çagyrlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýediýyllyk Maksatnamasyna laýyklykda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-ne 2025-nji ýyla çenli gämileriň 12-sini gurmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň