Müsür däne söwdasy boýunça halkara merkez döretmek isleýär

10:3626.09.2022
0
14416
Müsür däne söwdasy boýunça halkara merkez döretmek isleýär
Surat: ria.ru

Müsür öz çäginde däne söwdasy boýunça halkara merkez döretmegi teklip etdi, şeýle teklip bilen bu ýurduň daşary işler ministri Sameh Şukri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda çykyş etdi diýip, arap internet neşirleri habar berýär.

«Müsür geografiki taýdan özboluşly ýerde ýerleşýär, şonuň üçin biz halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys we özümizde däne önümlerini saklamak, daşamak we söwda etmek boýunça halkara merkezi döretmäge taýýar. Bu ählumumy azyk howpsuzlygyna ýardam eder» diýip, ministr çykyşynda belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň