Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasyny gutlady

21:4225.09.2022
0
22534

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň