Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde jemi bahasy 7,5 million dollardan gowrak geleşikler baglaşyldy

23:3725.09.2022
0
25464
Geçen hepde jemi bahasy 7,5 million dollardan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 17 geleşik hasaba alyndy. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar.

Şeýle-de daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini, float list aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 558 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 161 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 11 million 938 müň manat bolan, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň