Soňky habarlar

Arhiw

Ilham Aliýew Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

15:3325.09.2022
0
32734
Ilham Aliýew  Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Surat: president.az

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Azerbaýjan Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

— Birek-birege umumy ahlak gymmatlyklary, dini we medeni kökleri bilen baglanyşykly, oňat goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek şertlerinde ýaşaýan halklarymyzyň islegi azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda, ýagny soňky 30 ýylda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösüp, häzirki strategik hyzmatdaşlygyň derejesine ýetendigi begendirýär. Gatnaşyklarymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Mundan beýläk-de, dostlukly gatnaşyklarymyzyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň geriminiň giňejekdigine ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň