Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça 30 ýyllyk döwlet strategiýasyny taýýarlar

17:3524.09.2022
0
21522

Türkmenistanda geljek 30 ýylda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek boýunça döwlet strategiýasy işlenip düzüler. Bu barada Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Döwlet Maslahatynyň mejlisinde eden meýilnamalaýyn çykyşynda aýtdy diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertlerden hem-de innowasion mümkinçiliklerden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna, beýleki halkara ýaryşlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmen lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň utgaşdyrmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek hem-de fiziki işjeňligini ösdürmek meseleleri ulgamlaýyn ylmy esasda öwrenilmelidigini belledi.

«Şu mesele boýunça 2022 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny zerur diýip hasap edýärin. Bu işleriň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde halkara derejedäki ýaryşlarda döwletimiziň sport abraýyny mynasyp gorap, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjek türgenlerimiziň kemala geljekdigine pugta ynanýaryn» diýip, Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň