Soňky habarlar

Arhiw

Gazy eksport-import etmekde türkmen-eýran hyzmatdaşlygyna syn

13:0425.09.2022
0
19793

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän tutumly işlerini hasaba alanyňda, türkmen «mawy ýangyjyny» ýerlemekde peýdaly bazar bolup biler diýip, newscentralasia.net saýtynda ýerleşdirilen «Türkmen gazy — Eýranyň energetika gün tertibinde möhüm ugur» atly makalada bellenýär.

Makalada «Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energiýa serişdeleriniň söwdasy babatda deňlik we täsirli zerurlyk» diýen at bilen geçirilen ylmy-barlaglaryň netijelerine salgylanylýar, onda Eýran üçin özüniň sebitde energetika merkez bolmak boýunça uzak geljegi nazarlaýan maksatlaryna ýetmekde Türkmenistandan gazyň importyny mümkingadar artdyrmagyň möhümdigi nygtalýar.

Hasabatyň awtorlary Eýran üçin türkmen gazyna maýa goýmakda bar bolan mümkinçilikleri ulanmagyň ykdysady taýdan bähbitliligini subut edýän birnäçe delilleri getirýärler.

Birinjiden, ýurtlaryň geografiýa taýdan goňşy ýerleşýändigidir, bu bolsa energiýa göterijilerini uzak aralyga daşamak babatda aladalanmagyň zerurlygyny aradan aýyrýar. Ikinjiden, bu iki ýurduň arasyndaky umumy serhetdir. Türkmenistan, belli bolşy ýaly, gazyň eksportynda «mawy ýangyjy» öz çäginde ýerlemek ýörelgelerinden ugur alýar.

Üçünjiden, türkmen gazgöterijileri deňiz ugurlarynyň zerurlygy bolmazdan, Eýranyň üsti bilen Türkiýe, Hindistan, Yrak ýaly bazarlara çykyp biler.

Eýranly bilermenler barlaglarda gaz pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygy babatda geljegi has uly bolan dört sany esasy ugry öňe sürýärler:

Türkmenistandan tebigy gazyň importynyň artdyrylmagy. «Ýakyn geljekde Eýranda Türkmenistandan 15-20 milliard kub metr gaz satyn almaga garaşylýar, bu iki esse tizlikdäki akdyryş mümkinçilikleriň aňrybaş derejede ulanylmagyny aňladýar» diýip, eýranly bilermenler aýdýarlar. Emma uzak geljekdäki strategiýa babatda awtorlar öz ýurtlaryna diňe bir türkmen gazyny satyn almak babatda däl, eýsem, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmagy hem maslahat berýärler. Munuň bilen birlikde, rus gazyny Türkmenistanyň üsti bilen satyn almagyň hem bähbitli boljakdygy nygtalýar.

Nebit we nebithimiýa önümleriniň üstaşyr we SWOP daşalmagy. Eýran Türkmenistana nebit önümleriniň üstaşyr we SWOP daşamalary üçin öz paýyny teklip edip biler. Bu möhüm meseläni çözmekde Sarahs — Çabahar portuna çenli demirgazyk-günorta üstaşyr-ulag ugruny peýdalanyp bolar.

Ikitaraplaýyn hasaplaşyk merkeziniň döredilmegi. «Ikitaraplaýyn söwda babatda hasaplaşyk merkeziniň döredilmegi özara maliýe hasaplaşyklarynyň howpsuz ugruny peýdalanmaga mümkinçilik berer. Şeýle ulgamyň ulanylmagy özara söwdanyň görnetin arzanladylmagyna mümkinçilik berer» diýip, bilermenler hasaplaýarlar.

Eýrandan tehniki we inženerçilik hyzmatlarynyň eksporty. Makalanyň awtorlary ýurtda nebithimiýa senagatyny hem hasaba almak bilen, iri taslamalaryň bardygyny, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň baý nebitgaz gorlarynyň hasabyna durnukly ösýändigini belleýärler.

Ylmy-barlaglarda Türkmenistanda gazyň çykarylyşy babatda statistiki maglumatlaryň birgideni getirilýär:

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda tebigy gazyň iň ýokary gorlarynyň eýesidir we ol gazyň köp möçberli eksportyny ýola goýdy. Türkmenistanyň ýangyç gorlary 13,6 trillion kub metr bahalanýar ýa-da dünýäniň şertli ýangyç gorlarynyň 7,2 göterimini düzýär.

RSMD edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, mundan 10 ýyl öň, ýagny 2010-njy ýylda Türkmenistan 40,1 milliard kub metr gaz çykardy, 2020-nji ýylda bu görkeziji 79,3 mlrd kub metre ýetdi, şol sanda eksportyň möçberi 42,1 mlrd kub metre deň boldy.

Ýurtda gazyň sarp edilişi 2010 — 2020-nji ýyllaryň dowamynda nebithimiýa senagatynyň ösmeginiň hem-de elektrik energetikasynda tebigy gazyň ulanylmagynyň artmagynyň hasabyna 71 göterim köpeldi. Çaklamalara görä, Türkmenistanda gazyň çykarylyşy 2030-njy ýyla çenli 89 mlrd kub metre ýeter we 51 mlrd kub metr sarp edilişiniň möçberinden galan 47 mlrd kub metr türkmen «mawy ýangyjy» artykmaç eksport paýyny düzer.

***

2021-nji ýylyň noýabrynda Eýran, Türkmenistan we Azerbaýjan gazyň SWOP daşamalary barada ylalaşyk baglaşdylar. Ylalaşyga görä, 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmenistan Eýrana her gije-gündizde 5-6 million kub metr gaz iberýär, Eýran bolsa, deňölçegli möçberdäki gazy Azerbaýjana iberýär.

«Mehr» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Eýran SWAP geleşiginiň çäklerinde türkmen «mawy ýangyjyny» Azerbaýjana eltmegiň hasabyna özüniň bäş ülkesiniň tebigy gaza bolan zerurlygyny üpjün edip biler.

Türkmen gazynyň Azerbaýjana eltilmeginiň SWOP beýanyna laýyklykda, Aşgabat öz «mawy ýangyjyny» Eýrana, Eýran bolsa öz gazyny Bakuwa eltýär. Üçünji ýurtlaryň üsti bilen eksportyň şeýle görnüşi uglewodorodlary göni eltmekde taýýar infrastrukturanyň ýok wagtynda ulanylýar, gürrüňi edilýän ýagdaýda bolsa, Türkmenistan bilen Azerbaýjany birleşdirýän gaz geçiriji ýokdur.

Şu ýylyň iýunynda Eýranyň nebit ministri Jawad Owjy ýurtlaryň arasynda gaz alyş-berlişigiň möçberini iki esse artdyrmak babatda ylalaşylandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň