«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar üçin 407 müň manatdan gowrak pul bölünip berildi

16:4524.09.2022
0
26402

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň baýraklary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan 407 400 manat bölünip berildi. Bu barada döwlet Baştutanynyň «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen Kararynda aýdylýar.

Resminamada bellenip geçilişi ýaly, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna we 3 500 manat pul baýragyna mynasyp boldular.

Döredijilik toparlaryna, toparlara, ansambllara 10 500 manat möçberinde pul baýraklary we iň oňat haly dokan toparlara 8 400-den 70 müň manada çenli pul baýraklary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşigi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak we has zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak hem-de seçip almak maksady bilen geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň