1. Türkmenistanyň raýatlary Türkiýe Respublikasyna gitmek üçin bir gezeklik wiza resmileşdirjek bolsa, munuň üçin ABŞ-nyň 60 dollary möçberinde töleg geçirmeli bolarlar. Köp gezeklik wizanyň bahasy ABŞ-nyň 190, üstaşyr wizanyň bahasy bolsa ABŞ-nyň 60 dollary möçberinde kesgitlenildi. Bu işleri amala aşyrýan Gateway International kompaniýasynyň hyzmat ýygymy ABŞ-nyň 85 dollaryna deň bolar.
2. Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä syýahat etmek üçin bir ýyllyk ätiýaçlandyryş polisiniň bahasy ABŞ-nyň 65 dollaryna barabar bolar. Polis Türkiýäniň hemme ýerinde hereket eder we erkin syýahat etmäge mümkinçilik berer.
3. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy aşgabatlylary we şäheriň myhmanlaryny 1-nji oktýabrda geçiriljek garba tansynyň agşamyna çagyrýar. Garba üçin tansçylar güýz paslyny alamatlandyrýan reňklerde — gyzyl, gülgüne, sary, mämişi ýaly reňklerde geýinýärler. Onda tansçylar näçe uly we açyk bezegler bilen bezense, şonça-da göwnejaý hasap edilýär.
4. Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Şengen wizasyny almak üçin deslapky resminamalar tabşyrmak babatda elektron hasaba alyş ulgamynda ýazylmak mümkinçiligini çäkli ýagdaýda gaýtadan ýola goýdy. Türkmenistanyň raýatlary wiza almak üçin elektron hasaba alyş ulgamy arkaly kabul edilişige ýazylmaly. Boş orunlaryň 2022-nji ýylyň 12-nji, 13-nji hem-de 14-nji oktýabrynda bardygyny bellemek bolar.
7. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu jaýlaryň her biri 40 hojalyga niýetlenip, 3-4 otagdan ybaratdyr.
8. Meksikadaky suwuň teýindäki «Museo Subacuatico de Arte» muzeýiniň syrlary we täsinlikleri.
9. Hytaýda sekuntda 2 kilometrden ýokary tizlikdäki urgy tolkunyny döreden synag enjamy üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirdi. Bu netije sesiň tizliginden alty esse ýokarydyr.
10 . «Tesla» kompaniýasy takmynan 1,1 million sany elektrik ulagyny ABŞ-nyň bazaryndan yzyna gaýdyp alýar. Şeýle uly göwrümli yzyna gaýdyp almanyň sebäbi awtomatiki penjiräni ýapmak ulgamynyň nädogry işlemegi boldy. ABŞ-nyň Milli ýol-hereket howpsuzlygynyň dolandyryş gullugynyň habar bermegine görä, kompaniýanyň Model 3, Model Y, Model S we Model X kysymly awtoulaglary bazardan yzyna gaýdylyp alnar.
11. Brýusseldäki şa köşgüniň howlusy eýýäm birnäçe gün bäri gijelerine yşyklandyrylmaýar. Şunuň bilen baglylykda, Belgiýanyň kazyýeti köşk işgärleriniň zerur bolmadyk mahaly jaýdaky çyralary öçürmeklerini talap edýär. Şeýlelikde, Filip şa elektrik energiýasyny tygşytlamak çärelerine goşandyny goşdy.