Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan çärelere gatnaşýar

12:1601.05.2015
0
2533

Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň paýtagty Aktauda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň wekiliýeti saparda bolýar. Onuň düzüminde belli artistler, Balkan welaýatynyň “Dagdan” döredijilik topary, Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bolup, olar Türkmenistanda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan çäreleriň çäklerindäki dabaralara gatnaşýarlar.

Bu çäreler Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsullygy hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kabul edýän tarapyň goldaw bermeginde guraldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Aktau şäherinde bolmagynyň ikinji güni Akşükür obasynyň golaýyndaky Týubkaragan raýonynda ýerleşýän “Koşkar Ata” aramgähine zyýarat etdiler. Bu ýerde köpüsi türkmen topragyndan bolan dindarlaryň ruhy aram tapdy. Türkmen wekiliýeti tanyşlyk saparyny dowam etdirip,  Týubkaragan raýonynyň dolandyryş merkezine Fort  —  Şewçenko şäherine we Bautino deňiz portuna baryp gördüler. Bu ýerde olar Hazaryň gazak bölegindäki deňiz ýalpaklygynda we gury ýerlerindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň häzirki zaman taryhy bilen tanyşdylar. Önümçilik düzümini we ýöriteleşdirilen floty synladylar. Tanyşlygyň ahyrynda “Tulpar” gämisinde Bautin aýlagy boýunça gezelenji amala aşyryldy.

Aktaunyň  Nurmuhan Žanturin adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň eýwanynda “Men Parahatçylyga ses berýärin” diýen at bilen çagalaryň çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Sergä Türkmenistanyň, Gazagystanyň Mangistau we Atyrau oblastlarynyň  umumybilim berýän we çeperçilik mekdeplerinden oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu ýerde ýaş türkmen suratkeşleriniň  —  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň çeken suratlarynyň bäsleşikden daşgary sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergi işlerinde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň, türkmen tebigatynyň gözelligi, milli baýramçylyklar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda senagat we ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň çäklerinde senagat peýzažlary şekillendirildi. Çagalaryň halkara surat sergisiniň jemi iki ýaş derejesinde bäş ugur boýunça internet  —  ses bermegi nazara almak bilen jemlendi. Ýeňijilere we baýrak eýelerine Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsullygynyň diplomlary we Mangistau oblastynyň häkimliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Medeni çäreler Türkmenistanyň we Mangistau oblastynyň döredijilik toparlarynyň N.Žanturin adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda guran konserti bilen dowam etdi. Balkanly we Mangistauly tansçylaryň tomaşaçylaryň el çarpyşmagynda ýerine ýetiren küştdepdi tansy konsert maksatnamasynyň içinden erş-argaç bolup geçdi.

Düýn, 30-njy aprelde Žan Uzen şäherinde paýtagtymyzyň artistlerinden we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Dagdan” döredijilik toparynyň agzalaryndan ybarat döredijilik işgärleri uly konsert bilen çykyş etdiler.

Şu gün, 1-nji maýda bolsa  türkmen wekiliýeti Gazagystanyň halklarynyň Agzybirlik Gününe  bagyşlanan baýramçylyk çäresine gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň