Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä syýahat wizasy üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy

11:4324.09.2022
0
153775

Resminamalaryň sanawy Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkeziniň resmi web sahypasynda çap edildi.

Syýahatçylyk wizasy üçin aşakdaky resminamalar talap edilýär:

  1. Azynda 8 aýlyk möhleti bolan daşary ýurt pasporty(zagran) we nusgasy (Hökmany);
  2. Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 we 32-nji sahypalarynyň nusgalary, daşary ýurt pasportynyň baş sahypasynyň nusgasy (Hökmany);
  3. 2 sany biometrik surat 5x6 (arkasy ak fon, täze we soň 6 aý içinde düşülen bolmalydyr.) (Hökmany);
  4. Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 Kepilligi (Hökmany);
  5. Uçuş petekleri brony;
  6. Myhmanhana brony;
  7. Yza gaýdyp gelmegiňizi goldaýan resminama (Öy rugsatnamasy(tapu), iş ýerinden rugsatnama, aýlyk haklary, bank kwitansiýasy we ş.m.);
  8. Ýüzlenijiniň maliýe ýagdaýyny ýa-da çagyrýan adamyň girdeji ýagdaýyny görkezýän resminama;
  9. Ýüzleniji tarap işlemeýän halatynda hemaýatkäriň işini we maliýe ýagdaýyny görkezýän resminama (Hökmany);
  10. Ýüzleniji tarap 18 ýaşa ýetmedik bolsa, her iki tarapyň ene-atanyň notarus tarapyndan berlen razylyk haty (aýrylyşan ýagdaýynda-da, ene-atanyň ikisi-de notarus tarapyndan berilen razylyk hatyny bermegi hökmanydyr) (Hökmany);
  11. Öň Türkiýede ýaşan bolsaňyz, ýaşaýan ýeriňizi görkezýän resminama;
  12. Wiza tölegi we Gateway hyzmat tölegi (Hökmany).

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň raýatlary Türkiýe Respublikasyna gitmek üçin bir gezeklik wiza resmileşdirjek bolsa, munuň üçin ABŞ-nyň 60 dollary möçberinde töleg geçirmeli bolarlar.

Köp gezeklik wizanyň bahasy ABŞ-nyň 190, üstaşyr wizanyň bahasy bolsa ABŞ-nyň 60 dollary möçberinde kesgitlenildi. Bu işleri amala aşyrýan Gateway International kompaniýasynyň hyzmat ýygymy ABŞ-nyň 85 dollaryna deňdir.

Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkeziniň 2127-nji (G.Kulyýew) köçäniň 88-nji jaýynda ýerleşýär. Merkez ir sagat 9-dan öýlän 17-ä çenli işleýär.

Merkezde wiza resmileşdirmek üçin elektron poçta arkaly önünde ýazylmalydygyny ýatladýarys.

  • Тelefon belgisi: +99312400212
  • Elektron salgysy: helpline.turkmenistan@gateway.com.tr

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Karary bilen bu ýurduň Türkmenistan üçin wiza düzgünini girizendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň