Polşaly animator Weslaw Zemba 75 ýaşynda aradan çykdy diýip, Polşanyň Kinematografiýaçylar assosiasiýasynyň habaryna salgylanyp, «Gazeta.ru» ýazýar.
Zemba 1947-nji ýylda ýurduň Pşiseka obasynda doguldy, 1972-nji ýylda Belsko-Býale şäherinde animasion filmleriň studiýasynda işläp başlady, soň işini Warşawadaky «Miniatur Filmowych» kinostudiýasynda dowam etdi. Suratkeş, esasan, «Bolek we Lelek» we «Reks» multfilmleri bilen meşhurlyk gazandy.
2008-nji ýylda ol milli medeniýeti ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin medal bilen sylaglandy.