Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlarynyň 829-sy we daşary ýurtlaryň raýatlary jeza çekmekden boşadylar

23:0023.09.2022
0
36942

Türkmenistanyň raýatlarynyň 829-synyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň günäsi geçilip, mundan beýläk jeza çekmekden boşadylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekip, günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmek, olary iş bilen üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Şu günki geçen Döwlet Maslahatynda döwlet Baştutany däp bolşy ýaly, rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurduň uly baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol bu ugurda degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine, ýokarda agzalan toparyň başlygyna ýüzlenip, degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ähli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyryp, günäsi geçilen adamlara bolsa Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Türkmenistanda günä geçiş çäreleri 1999-njy ýyldan bäri geçirilýär. Geçen ýyl, ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Prezidentiň Karary bilen 2064 raýatlaryň günäsi geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň