Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp türgenleriň FISU ― 2022-de gazanan medallarynyň sany 7-ä ýetdi

17:5623.09.2022
0
26341

Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogynda türkmenistanly talyplar sambo boýunça medallaryň ýene-de üçüsine mynasyp boldular. Olaryň biri kümüş, ikisi bürünç medallardyr.

Kümüş medaly erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Nyýazmyrat Babekow eýeledi.

Türkmen ýygyndysynyň bürünç medallaryny bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Bagtyýar Bahramow (79 kilograma çenli agram derejesinde) we Täzegül Huddyýewa (54 kilograma çenli agram derejesinde) dagylar gazandylar.

Düýn bu ýaryşda türkmenistanly türgen talyplaryň bir altyn, iki kümüş we bir bürünç medal gazanandygyny habar beripdik. Şeýlelikde, türkmen ýygyndynyň gaznasyna häzire çenli 7 medal ýygnandy. Olaryň biri altyn, 3-si kümüş, ýene 3-si bolsa bürünç medallardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň