Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň sosial hyzmatlary ösdürmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy

15:3123.09.2022
0
33718

Türkmenistanyň jemgyýetçilik we zähmet pudagynyň döwlet edaralarynyň wekilleri GDA-nyň sosial hyzmatlary ösdürmek, şol sanda onlaýn ýagdaýda geçirilen maýyplaryň reabilitasiýasy boýunça halkara maslahata gatnaşdylar.

Maslahatda GDA ýurtlarynyň sosial hyzmat ulgamlarynda täze usullar we çemeleşmeler, maýyplaryň reabilitasiýasy we olaryň hukuklaryny goramak meseleleri, şeýle hem Arkalaşygyň döwletlerinde sosial hyzmat ulgamynyň ösüşindäki möhüm meseleler, şeýle hem ilata durmuş hyzmatlaryny bermegiň innowasion çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda amaly meseleleri çözmekde we maýyplaryň lukmançylyk, sosial reabilitasiýa we abilitasiýa meselelerinde öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça tejribe alşyldy, medisina-sosial ekspertizanyň häzirki zaman tendensiýalary, maglumatlary ýygnamagyň amaly meseleleri we maýyplyk statistikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri, çagalary terbiýelemegiň we okatmagyň milli modelleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn maslahatyň ahyrynda sosial hyzmatlary ösdürmek, şol sanda maýyplaryň reabilitasiýasy barada Kararnama kabul edildi. Onda GDA-nyň agza döwletleriniň sosial üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we maýyplara goldaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga taýýardyklary bellenildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldawy bilen GDA agza döwletleriň Zähmet, iş üpjünçiligi we ilaty sosial taýdan goramak boýunça Konsultatiw geňeşinde başlyklyk ediji hökmünde Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we sosial gorag ministrligi tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistandan başga-da, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan wekiller, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasy, Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy, Döwletara statistika Komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň umumy konfederasiýasy we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň