Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny Patyşalygyň Milli güni bilen gutlady

09:4823.09.2022
0
13469

Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, «Biz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hemişe ösdürilýän doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belläp geçýär. Mundan başga-da türkmen Lideri syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Mirasdüşer Şazada Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň