Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýedäki ätiýaçlandyryş resminamasynyň bahasy belli boldy

13:1523.09.2022
0
64856

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä syýahat etmek üçin bir ýyllyk ätiýaçlandyryş polisiniň bahasy ABŞ-nyň 65 dollaryna barabar bolar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkeziniň resmi web sahypasy habar berdi.

Polis Türkiýäniň hemme ýerinde hereket eder we erkin syýahat etmäge mümkinçilik berer.

Lukmançylyk ätiýaçlandyryş polisi beýleki resminamalar bukjasy bilen birlikde wiza merkezine tabşyrylýar.

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä bir gezeklik syýahatçylyk wizasynyň bahasynyň ABŞ-nyň 60 dollary möçberinde kesgitlenendigini habar beripdik.

2127-nji (G.Kulyýew) köçäniň 88-nji jaýynda ýerleşýän wiza merkezi ir sagat 9-dan öýlän 17-ä çenli işleýär.

Oňa barmak üçin aşakdaky telefon belgisi ýa-da elektron salgysy arkaly öňünden ýazylmak gerekdir:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň