Lukaşenko saglygy baradaky arzuwlara hytaý dilinde jogap berdi

11:4123.09.2022
0
14933
Lukaşenko saglygy baradaky arzuwlara hytaý dilinde jogap berdi
Surat: aa.com.tr

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Hytaýyň «Citic construction» gurluşyk korporasiýasynyň birinji wise-prezidenti Ýan Szýansýan bilen duşuşykda oňa hytaý dilinde minnetdarlyk bildirdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýagny belarus Prezidenti öz söhbetdeşiniň salamyna «Sesýe» diýip jogap berdi, bu söz hytaý dilinde «Sagbol» diýmegi aňladýar. Ýan Szýanýan şeýle-de Prezidente öz kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň ýollan iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Lukaşenko Ýan bilen duşuşygyň Hytaýyň Lideri Si Szinpin bilen gepleşiklere taýýarlykdygyny aýtdy.

«Citic Construction» korporasiýasy 2002-nji ýylda döredildi we Hytaýyň «CITIC» iri döwlet korporasiýasynyň golçur kompaniýasydyr. «Citic Construction» kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary gozgalmaýan emläkleriň gurluşygy bolup durýar.

Öň Belarusyň Prezidenti Hytaýyň baýdagy şekillendirilen lukmançylyk agyz-burun örtügini geýipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň