Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ženewada geçiriljek tehnologiýa sergisine gatnaşar

11:4223.09.2022
0
18006

Türkmenistanyň «OguzRobot» topary «2022 First Global Challenge» atly tehnologiýalar sergisine gatnaşar. Bu sergi 13 — 16-njy oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriler.

Umuman, halkara sergä dünýäniň 180 ýurdundan meýletinçileriň, mugallymlaryň we beýleki robot tehnikasy bilen gyzyklanýanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergä gatnaşýanlar önümlerini we başarnyklaryny görkezip, planetany gurşap alan adamzat meselelerini çözmek bilen baglanyşykly tekliplerini hödürlärler. Şeýle-de sergä dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň gatnaşmagy birek-biregiň tejribesini öwrenmäge, sylag-sarpanyň we dostlugyň ýola goýulmagyna mümkinçilikleri döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň