Talyplaryň halkara ýaryşy: ilkinji üstünlikler

17:4322.09.2022
0
19205

Türkmenistanly talyp türgenler şu günler Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçirilýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň Dünýä kubogyna (FISU) gatnaşýarlar. Bu halkara ýaryşda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetleriniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk, Telekommunikasiýalar we informatika, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynyň talyplary wekilçilik edýär. Olar sportuň karatedo, sambo, taýboks, uşu, grek-rim, erkin göreşleri hem-de boks görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşýarlar.

21-nji sentýabrda başlanan we 30-njy sentýabra çenli dowam etjek halkara ýaryşdan ilkinji hoş habarlar gelip başlady. Häzire çenli biziň talyplarymyzyň medal gaznasynda bir altyn, iki kümüş we bir bürünç medal bar.

Altyn medaly Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Muhammetmyrat Babekow gazandy. Ol sambo boýunça 58 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Ilkinji kümüş we bürünç medallar bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna degişli. Sambo boýunça ýaryşlarda 71 kilograma çenli agram derejesinde göreşen Sapar Döwletow bilen zenanlaryň arasynda 72 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Faride Mämmedowa kümüş medallara mynasyp boldular. 50 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşda bolsa Saýara Awezmetowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Halkara ýaryş dowam edýär. Onda biziň ildeşlerimiziň medallaryň ýene-de birnäçesine mynasyp bolmagyna garaşýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň