Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

17:2322.09.2022
0
29293
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Surat: president.uz

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşigiň başynda özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen mähirli gutlady, oňa saglyk, bagt we uly üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýola goýlan köp asyrlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, senagat, energetika, ulag we oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanlary sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem pikir alyşdylar. Şunda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitiniň netijelerine ýokary baha berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti türkmen kärdeşini, şeýle-de doganlyk türkmen halkyny ýakyn wagtda geçiriljek milli baýramçylyk — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap hat hem ýollady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň