Soňky habarlar

Arhiw

Aýy supermarketden şokolad batonlaryny ogurlady

17:1222.09.2022
0
18195
Aýy supermarketden şokolad batonlaryny ogurlady

Kaliforniýada aýy supermarkete girdi we kassanyň deňinden geçip, birnäçe şokolad batonlaryny ogurlady. Dükanyň işgärleriniň we müşderileriniň hijisi hem çaýşyk aýakly «ogryny» saklamaga milt edip bilmedi diýip, «Sacramento Bee» neşiri ýazdy.

Kassir Kristofer Kinsonyň aýtmagyna görä, ýyrtyjy dükana agşam geldi we dessine konditer önümleri bölümine ýöneldi.

«Ol dükana geldi, şokoladlary ysgaşdyrdy, soňra gözleýän süýjüsini tapyp alyp, gaçmak bilen boldy» diýip, kassir habarçylara gürrüň berdi. Kinson gorkandygyny we nähili hereket etjegini bilmändigini gizlemedi. Ol aýynyň ýene dolanyp gelmeginden ätiýaçlanyp, gapyny petikledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň