Soňky habarlar

Arhiw

Berhiz lukmany ajöze suw içmegiň peýdasy barada gürrüň berdi

15:2022.09.2022
0
19158
Berhiz lukmany ajöze suw içmegiň peýdasy barada gürrüň berdi
Surat: gazeta.ru

Gije ukusy wagtynda adam takmynan ýarym litr suw ýitirýär. Irden ajöze içilen bir bulgur suw — bu diňe bir ukudan açylmagyň hem-de özüňi şähdaçyk duýmagyň däl, eýsem, bedende suw deňagramlylygyny doldurmagyň peýdaly usulydyr.

Bu barada russiýaly berhiz lukmany Ýelena Tihomirowa «Gazeta.ru» neşirine gürrüň berdi.

«Mundan başga-da irden suw içilende, aşgazan-içege we peşew çykaryş ulgamy işläp başlaýar. Sarp edilen suwuklygyň öweziniň doldurylmagy gany suwuklandyrýar we onuň goýalmagynyň öňüni alýar. Irden ajöze içilen 1-2 bulgur suw trombozyň öňüni almakda iň peýdaly usuldyr. Suw şeýle-de beýni üçin peýdalydyr we onuň işini gowulandyrýar» diýip, lukman gürrüň berdi.

Bu endik artykmaç agramlylygyň öňüni almaga-da ýardam edýär. Suw açlyk duýgusyny aradan aýyrýar, şonuň üçin iýmit kabul edýärkä, adam çalt doýýar.

«Suw ýetmezçiligi wagtyndan ir gasynlaryň peýda bolmagyna hem-de saçyň hiliniň peselmegine eltýär. Suwy ýeterlik derejede kabul etmek gözelligi saklamaga we saçyňdyr deriniň saglygyny saklamaga peýdalydyr. Bulgur suw limfatiki ulgamyň işini gowulandyrýar, netijede adam organizmi howply kiçiorganizmlere durnukly bolýar, ajöze içilen suw, galyberse-de, böwreklerde daş döremeginiň we peşew çykaryş ýollarynyň kesellemegine garşy örän peýdalydyr» diýip, Tihomirowa aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň