Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2022: «Energetik» ýaryşda 10-njy gezek utuldy

15:2122.09.2022
0
17368
Türkmenistanyň kubogy ― 2022: «Energetik» ýaryşda 10-njy gezek utuldy

«Energetik» futbol topary Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda taryhynda 10-njy gezek utuldy. Toparyň çärýek finalyň jogap duşuşygynda «Şagadamdan» 0:2 hasabynda asgyn gelendigini ýatladýarys.

«Energetik» Kubok ýaryşynda jemi 25 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 7-sinde ýeňiş gazanan topar, 8 duşuşygy deňlikde tamamlady.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda «Energetigiň» derwezesinden bu ýaryşdaky pökgüleriň 40-njysynyň geçirilendigini hem nygtamak gerek. Topar 25 duşuşykda garşydaş derwezelere 27 pökgi geçirip bildi.

«Energetik» taryhynda bir gezek ýaryşyň finalyna baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň