Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär

12:4722.09.2022
0
30001

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada belarus Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

— Ýaşlygyňyzyň, jogapkär wezipelerde toplan baý tejribäňiziň döwlet gurluşynda we türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn – diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Lukaşenko Belarusyň dostluk, özara ynam we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan Türkmenistan bilen köptaraplaýyn, özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini tassyklady. Şeýle hem iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli we işjeň gepleşikleriň dowam etdirilmegine umyt bildirdi.

Belarus Lideri hatynyň ahyrynda türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa saglyk, bagt we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň