Wi-Fi 7 ulgamy bilen üpjün ediljek ilkinji smartfon agzaldy

11:4922.09.2022
0
12733
Wi-Fi 7 ulgamy bilen üpjün ediljek ilkinji smartfon agzaldy
Surat: gazeta.ru

Maglumatlaryň has tiz iberilişini üpjün edýän täze – Wi-Fi 7 tehnologiýasy ornaşdyryljak ilkinji smartfonlar 2024-nji ýylda peýda bolar. Ol «Samsung Galaxy S24» smartfonydyr diýip, «DigiTimes» portaly habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Täze smartfonda ornaşdyryljak çipler maglumatlaryň iberilişini öňki nesildäki Wi-Fi ulgamyndan 2,4 esse tizleşdirmäge mümkinçilik berer.

Wi-Fi 7 ulgamynyň geçirijilik ukyplylygy 30 Gbit /s deň bolar we onuň tizligi sekuntda 40 Gbit /s ýeter. Wi-Fi 6 ulgamynyň bu ugurdaky ukyby 9,6 Gbit /s deňdir.

Portal Wi-Fi 7 ulgamynyň köpçülikleýin ornaşdyrylan wagtynda ýeterlik gymmat boljakdygyny we munuň onda işlejek smartfonlaryň nyrhyna täsir etjekdigini ýazýar.

«Samsung Galaxy S24» — kompaniýanyň heniz anonsirlenmedik smartfonydyr, ol 2024-nji ýylda satuwa goýberiler diýlip garaşylýar.

Samsung Galaxy S23 telefonlary bolsa, geljek ýylyň başynda satuwda peýda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň