Tasmaniýada ýüzlerçe läheň özüni saý kenara taşlady

12:1422.09.2022
0
28146

Tasmaniýada läheňleriň suwuň ýalpak ýerine köpçülikleýin özüni taşlaýandyklary hasaba alyndy, läheňler ýurduň kenarýakasyndaky iki ýerde: demirgazyk kenarýaka Makkuori duralgaly goltugynda we King adasynda özlerini saý ýere okladylar diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Southwest Expeditions» guramasynyň wekili Sem Gerritiniň aýtmagyna görä, gürrüň läheňleriň ýüzlerçesi barada barýar.

«Olaryň käbiri, esasan hem, King adasynyň kenarýakalaryndakylar diri» diýip, Gerriti aýtdy.

Hadysanyň bolan ýerlerine barýan ýollar ýapyldy. Habarda Tasmaniýanyň polisiýa gullugynyň bu etraplarda howpsuzlygy goraýandygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň