Arhiw

R.Meredow Pakistanyň döwlet nebit ministri bilen TOPH taslamasyny maslahatlaşdy

16:5921.09.2022
0
22687

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşdy.

21-nji sentýabrda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, hususan-da, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça strategiki taýdan möhüm bolan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň mundan beýläk hem öňe gitmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Pakistanyň döwlet nebit ministri her bir gatnaşýan taraplar hem-de bütin sebit üçin wajyp bolan bu taslamalary Pakistanyň hökümetiniň goldaýandygyny nygtady.

Agzalan uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmegi türkmen-pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň