Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky ilat ýazuwynda ýurduň özünde taýýarlanan planşetlerden peýdalanylar

16:3321.09.2022
0
20328

Şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynda ýurduň özünde öndürilen döwrebap planşetlerden peýdalanylar. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.

Has takygy, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bu jemgyýetçilik çäresine gatnaşyjylary öz öndüren planşetleriniň 14 müňüsi bilen üpjün eder. Häzir bu ýerde planşetleriň önümçiligi ýokary depginde dowam edýär.

Bu barada hojalyk jemgyýetiniň wekilleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli paýtagtda geçirilýän sergide gürrüň berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň