Soňky habarlar

Arhiw

Bäherdendäki çeper haly kärhanasynda uly halylary dokamak boýunça baý tejribe toplanylýar

15:5021.09.2022
0
16185

Bäherden çeper halyçylyk kärhanasy şu ýyl Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda gurlan, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk bina niýetläp, meýdany 36 inedördül metr bolan nepis halyny dokadylar. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Häzirki günlerde bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan edaralar, medeni-durmuş maksatly binalar üçin dürli ölçegdäki halylar dokalýar.

Kärhanada şu ýylyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen önümçilik işleriniň görkezijileri hem onda zähmet çekýän halyçylaryň yhlasynyň ýerine düşýändiginden habar berýär. Has anygy, ýanwar — awgust aýlarynda kärhanada 3 million 740 müň manada golaý iş edildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 100,4 göterime barabar ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň