Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda soňky bäş ýylda 3,2 müň km gaz geçirijileri çekildi

15:2021.09.2022
0
15484
Lebapda soňky bäş ýylda 3,2 müň km gaz geçirijileri çekildi

Lebap welaýaty boýunça obalarda, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde 2008 — 2022-nji ýyllar aralygynda 66 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 37 sany umumybilim edarasy, 10 sany hassahana, 36 sany saglyk öýi we merkezi, 15 sany medeniýet öýi, 31 sany sport mekdebi we 16 sany sport desgasy, jemi 211 sany bina we desga gurlup ulanmaga berildi.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, agzalan ýyllarda 1,3 müň km suw geçirijileri, 3,2 müň km gaz geçirijileri, 3,5 müň km elektrik geçirijileri, 1,2 müň km awtomobil ýollary, 0,2 müň km lagym geçirijileri, 78 sany dik guýular gurlup ulanmaga berildi, 8,5 müň km telefon aragatnaşyk ulgamy çekilip, 189,4 müň öý telefon we 1 440,6 müň sany öýjükli telefon belgiler ulanyşa goýberildi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Geçen döwürde 4 sany agyz suwuny arassalaýjy desga, 2 sany lagym arassalaýjy desga, 2,3 mln inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň