Arhiw

OGT ― 2022-niň geçiriljek günleri belli boldy

11:4821.09.2022
0
14924

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022» atly XXVII Halkara maslahatynyň (OGT ― 2022) geçiriljek günleri belli boldy. Guramaçy taraplar halkara maslahaty 27 ― 28-nji oktýabr günlerinde geçirmegi meýilleşdirýärler.

Iri halkara forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýär. Olara Beýik Britaniýanyň «GafneyCline» kompaniýasy goldaw berýär. «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bolsa halkara maslahatyň guramaçylaryna hyzmatdaşlyk edýär.

OGT halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen her ýylda geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.

Maslahatyň we serginiň maksady, energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüş boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek, global energiýa ulgamynyň soňky tendensiýalaryny gözden geçirmek we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny göni çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň