Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky kiçi kärhana Russiýa 300 tonnadan gowrak plastiki gaplary eksport etdi

11:1621.09.2022
0
22175
Daşoguzdaky kiçi kärhana Russiýa 300 tonnadan gowrak plastiki gaplary eksport etdi

Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Kämil gurujy» hojalyk jemgyýetiniň plastiki gaplary öndüriji kiçi zawody ýylyň başyndan bäri Russiýa 300 tonnadan göwrak önümi eksport etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Kärhana öz öndürýän has berkligi, agyr ýüklere niýetnlenen çydamly polipropilen we polietilen haltalary bilen daşary bazarda at gazandy. Şeýle gaplar Hytaýda öndürilen döwrebap tehnologik enjamlar toplumynda awtomatik usulda çykarylýar. Onda çig mal garýan we guradýan, sepleşdirýän, ýasy sapak taýýarlaýan we saraýan, kesýän we taýyn önüm taýýarlaýan enjamlar bar. Kärhanada ýurdumyzda öndürilýän polipropilenden, azyk ýa-da senagat önümlerini gaplamak üçin tygşytly, hili ýokary, agyr agrama çydamly, köptaraplaýyn ulanylýan gap öndürmek üçin sapaklar öndürilýär. Enjamyň kuwwatlylygy aýda 80 tonna çenli halta çykarmaga mümkinçilik berýär, olar ozal Ukraina we Owganystana iberilýärdi. Polipropilen we polietilen haltalara uly iselg bildirilýänligi sebäpli kärhananyň öndürýän önüminiň esasy böleginiň indi daşary ýurtly müşderilere iberýändigini bellemek gerek.

Daşoguz welaýatynda önüm öndürmekde ýerli çig maldan, şol sanda sintetik polimerleri gaýtadan işlemäge gönükdirilen döwlete degişli we hususy önüm öndürijiler barha artýar. Daşoguz şäherinde ýerleşýän kärhana dürli ölçegli polimer turbalary, şeýle hem ilat we söwda guramalary tarapyndan islegli bir gezek ulanylýan gaplary çykarsa, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän «Laçyn ganaty» hususy kärhanasy suw geçirijler we lagym ulgamy üçin polietilen hem-de polipropilen turbalary öndürýär, bu ýerde gurulýan «Halyçy gözeller» hususy kärhanasynda sintetik materiallardan maşyn usulynda haly önümleri öndürilýär, onuň hatarynda haly dokaýan esasy sehden başga-da, granullardan polipropilen sapak ýüplügini we akril sapaklary öndürýän seh-de göz öňünde tutulan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň