Soňky habarlar

Arhiw

«Malaý» gaz käninden 247 milliard kub metrden gowrak gaz çykaryldy

10:1021.09.2022
0
10725

«Malaý» gaz ýatagy 1986-njy ýyldan bäri tebigy gazy bolluk bilen eçilýär. Başlangyç gory 358 milliard 700 million kub metr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kub metrden hem köp gaz çykaryldy. Häzirki wagtda bu ýatagyň çägini giňeltmek, özleşdirilýän gatlakdan aşaky gatlaklaryň gaz gorlaryny anyklamak işleri alnyp barylýar.

2021-nji ýylyň ýanwarynda ulanylmaga berlen «Malaý» gaz gysyjy bekedi gyş möwsüminde tebigy gazyň Hytaýa bökdençsiz iberilmegini üpjün etdi. Şeýle hem bu beket Lebap welaýatynyň obadyr şäherleriniň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrdy. Indi welaýatyň iň çet künjeklerine-de tebigy gaz güýçli akym bilen barýar diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

«Malaýdan» alynýan tebigy gaz Üçajy — Zerger gaz geçirijisinden peýdalanyp, Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwaty 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini-de işledip başlady. Bu kuwwatly beket welaýatyň birnäçe senagat kärhanalaryny, oba-şäherlerini elektrik togy bilen üpjün edýär. «Malaý» gaz käniniň önüm berijilik kuwwatyny has-da artdyrmak üçin «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu sebitde geofiziki we geologik-gözleg işlerini alyp barýar. Aşaky çuň ýataklardan gazyň täze akymlaryna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň