Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurlan Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

08:2030.04.2015
0
10806

29-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Aşgabat şäherinde gurlan Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze toplumy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň buýurmasy boýunça bir konsorsiuma girýän Türkiýe Respublikasynyň “EREGE Inşaat Taahhýut Sanaýi we Tijaret LTD Şti” bilen Awstriýa Respublikasynyň “Heidelberger Druсmasсhinen Eastern Europe Gmbh” kompaniýalary bina etdi.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän toplum baýramçylyk lybasynda bezelipdir. Toplumyň öňündäki meýdançada binanyň açylyş dabarasyna hemme zat taýýar edilipdir.

Medeniýet we sungat ussatlary dabara mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran mähriban Arkadagymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şowhunly  elçarpyşmalar astynda toplumyň merkezinde ýerleşýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň edara binasynyň toý bagyny kesdi we binanyň içine girdi.

Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 8 gektara barabar bolup, onuň düzümine Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4 gatly binasy,  Metbugat merkezi, “Çaphanahyzmatlary” döwlet kärhanasy, “Türkmenmetbugat üpjünçilik” maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasy, mejlisler zaly, ýapyk ulag duralgalary, sport meýdançalary hem-de beýleki kömekçi desgalar bar.  

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde ýerleşýän neşirýat gullugynyň muzeýine gelýär. Onda Türkmenistanda neşirýat gullugynyň döreýşi we ösüşi barada gürrüň berýän köne neşirler goýlupdyr. Seýrek duş gelýän golýazma neşirleri, häzirki zaman ýokary hilli neşir önümleri, şol sanda täze çap edilen kitaplaryň döwrebap görnüşleri görkezilýär.

Neşirýat gullugynyň muzeýinde goýlan gymmatlyklar bilen tanşanyndan soň, döwlet Baştutany binanyň “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan”  gazetleriniň asyl nusgasynyň taýýarlanýan kompýuter bölümine bardy. Bu ýerde gazetleriň nusgalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, toplumda alnyp barylýan işleriň ählisi awtomatlaşdyrylypdyr, bölümleriň hemmesinde häzirki zaman ösen tehnikalary, kompýuterler ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde Wallsсreen ekranlary bilen enjamlaşdyrylan otagda toplumy dolandyrmak işi kompýuterler arkaly amala aşyrylýar. 

Täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň hasabyna toplumyň kuwwatlylygy 3 milliard 180 million 400 müň reňk çap basmasyna deňdir. Şunda, Metbugat merkeziniň kuwwatlylygy öňküden iki ýarym esse ýokarlandy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti  toplumyň kagyz kesýän bölümine bardy we bu ýerde oturdylan iň täze enjamlaryň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy. 

Ýeri gelende aýtsak, önümçilik bölümlerinde oturdylan enjamlaryň halkara derejesinde  ykrar edilen ekologiýa kadalaryna laýyk gelýändigini, olar seçilip alnanda adam saglygyna bolan täsiriň nazarda tutulandygyny bellemeli. Aýratyn-da, bu enjamlaryň sesiniň pesdigini, ähli önümçilik desgalarynda enjamlaryň oturdylmagy üçin zerur şertleriň döredilendigini, onuň tozany özüne çekmeýän reňkler bilen boýalandygyny nygtamalydyr.

Soňra döwlet Baştutany goragly neşir önümlerini taýýarlaýan bölüme bardy. Bu ýerdäki enjamlaryň biri çap etmegiň goşmaça usullary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi gymmatly kagyzlary we goşmaça gorag serişdeleriniň goşulmagyny talap edýän beýleki resminamalary çap etmäge mümkinçilik berýär.

Metbugat öýi toplumynyň binalary bilen tanyşlygyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow neşir görnüşlerini taýýarlaýan bölüme bardy. Bu tehnika erk edýän ýaş hünärmen çap galyplary taýýarlananda  häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary hem-de Suprasetter 106 we Lüscher XPose 230 galyp ýasaýjy enjamlaryň ulanylýandygyny gürrüň berdi.

Bu çap enjamlary bir gezekde bäşden sekize çenli dürli reňkli çap önümlerini, kagyz gatlaryny agdarýan goşmaça enjamlaryň hasabyna bolsa kagyzyň bir bölegini birbada iki tarapyndan çap etmäge ýardam edýär. Çap önümini doly, şeýle hem ultrafiolet lakyň peýdalanylmagy bilen aýry-aýry ýerlerini  laklamak mümkindir. 

Soňra döwlet Baştutany  gazet çap edilýän bölümiň şertleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň her biri bir sagadyň içinde 64 müň  nusgalyk gazeti çap etmäge ukyplydyr. Her bir çap ediş enjamynda QI  IDS  reňke gözegçilik etmegiň awtomatik ulgamy oturdylandyr, ol çap edilýän kagyza tutuşlygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz  önümçilik işleri bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara  gazetleri çap etmekde peýdalanylýan metal gatlarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça meselä garamak barada tabşyryk berdi.

Soňra enjamyň işlemegini üpjün edýän hünärmeniň haýyşy boýunça ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda milletiň Lideri önümçilik ulgamyna badalga berdi. Ýap-ýaňy çap edilen “Aşgabat”  gazetini eline alyp, döwlet Baştutany onuň çap edilişine hem-de ulanylýan kagyzyň hiline baha berdi.  

Soňra milletiň Lideri MANROLAND Gromoman  usuly bilen toplum kagyzda ofset görnüşinde neşir önümleriniň üç görnüşini – gazetleri, şol sanda köp sahypaly gazetleri, žurnallary we kitaplary çap ediliş ulgamy görkezildi.

Soňra milletiň Lideri ýumşak we gaty daşly çap önümleriniň taýýarlanylyşy bilen tanyşdy. Ýumşak daşly kitaplar üçin tikinsiz berkitmek boýunça ulgam peýdalanylýar. Şunda ozal adatça ulanylýan termoýelimler, şeýle hem türkmen çaphana senagatynda ilkinji gezek peýdalanylýan poliuretan ýelimler hem ulanylýar, ol kitaplaryň berkligini üpjün edýär.

Gaty daşly kitaplary çap etmek üçin sowgatlyk we aýratyn ähmiýetli neşirleriň taýýarlanyş usulyny tizleşdirýän awtomatik ulgam peýdalanylýar. Integral sahaplama usuly ilkinji gezek çaphana önümçiligine ornaşdyryldy. Bu tehnologiýa Petratto SAB 100 M  kesiji-ýelmeýji enjam arkaly ýerine ýetirilýär. Bu usulda gaty daşly ýeňiljek kitaplar çap edilýär, şeýlelikde, bu integral usul “önümiň”  agramyny azaltmaga mümkinçilik berýär, bu okuw kitaplary neşir edilende aýratyn ähmiýete eýedir.

Mekdep okuw kitaplarynyň çap edilişinde ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýanyň artykmaçlyklaryna aýratyn üns berip, milli Liderimiz başlangyç synp okuwçylary üçin matematika boýunça bu ýerde görkezilen ozal çap edilen we täze çap edilen okuw kitaplarynyň nusgalaryny deňeşdirip, täze nusgalaryň hil derejesine ýokary baha berdi we degişli ýolbaşçylara mekdeplerde täze nusgadaky okuw kitaplary boýunça okatmagy haýal etmän ýola goýmagy tabşyrdy.

 Türkmenistanyň Prezidenti häzirki zaman enjamynyň üznüksiz işine badalga berýär we onda “Kitaby dädem Gorkut” kitaby çap edilip başlanylýar. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalarynda milletiň Lideri bu neşiriň ilkinji nusgasy gowşurylýar. Türkmenistanyň Prezidenti çaphana ulgamynda täze mümkinçilikleriň açylmagy neşir önümleriniň diňe bir mukdarynyň artdyrylmagyna we hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik bermän, olary ajaýyp görnüşde bezemek üçin hem şert döreder. 

Bu häzirki zaman tehnologiýalary esasynda bölümde ýakynda bolup geçen taryhy waka – Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasynyň ýakynda amala aşyrylan uçurylyşyna bagyşlanyp ýumşak daşly täze kitap tiz ýagdaýda çap edildi, milli hemramyzyň Älem giňişligine uçurylmagy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň aýratyn aýdyň alamatyna öwrüldi. 

Soňra döwlet Baştutany Metbugat öýi toplumynyň, şeýle hem bu ýerde  ýerleşýän gazetleriň  işgärleriniň boş wagtynda medeniýetli dynç almaklary üçin  döredilen şertler bilen tanyşdy. Toplumda işden boş wagty işgärleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde çaýhana, naharhana, mejlisler zaly hem bar.

 Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşýan Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna we wekillerine ýurduň durmuşynda bolup geçýän iri möçberli dabaralara we şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin  minnetdarlygyny beýan etdi.  Bu häzirki zaman toplum iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi we diňe ýurdumyzyň içki zerurlyklaryny üpjün etmekden başga-da, daşary ýurtlaryň buýurmalaryny hem kanagatlandyrmaga ukyplydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy. 

Ýygnananlary täze Metbugat öýi toplumynyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumyň ýurduň çaphana senagatyny ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigini aýtdy we bu günki şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baştutanynyň adyndan Metbugat öýi toplumyna täze ulaglar sowgat gowşuryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň