Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda üç sany täze hassahana gurlar

08:0921.09.2022
0
10268

Lebap welaýatynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2022 — 2028-nji ýyllarda 43 sany bina we desga gurlar. Şolaryň 3 sanysy hassahana, 5 sanysy saglyk öýi we merkezi, 6 sanysy mekdebe çenli çagalar edarasy, 18 sanysy umumybilim edarasy, 3 sanysy medeniýet öýi bolar.

Lebap welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 304,79 km suw geçirijileri, 5 sany suw arassalaýjy desgasy, 78,62 km lagym geçirijileri, 3 sany lagym arassalaýjy desgasy, 769,07 km awtomobil ýollary, 346,81 km gaz geçirijileri, 474,65 km elektrik geçirijileri gurlar. Aragatnaşyk ulgamy boýunça 337,96 km telefon ulgamy çekilip, 11184 sany telefon belgisi oturdylar. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 725,6 müň inedördül metri gurlup ulanmaga berler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň