Soňky habarlar

Arhiw

“Aşgabat-Derweze-Aşgabat” ugry boýunça awtomarafon bäsleşigi geçirildi

01:4930.04.2015
0
1278

29-njy aprelde ir bilen Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 10-njy kilometrliginden umumy uzynlygy 700 kilometrden gowrak bolan “Aşgabat-Derweze-Aşgabat” ugry boýunça awtomarafon bäsleşigine geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi bilelikde gurady.

 “Nissan Patrol”, “Mitsubishi” we “Niwa” ulaglary iri çölleriň biri bolan Garagum çölüniň jümmüşine tarap ýokary tizlik bilen ugradylar. Bu bäsleşige Muhammet Gurbanow — Serdar Mollamyradow, Merdan Toýlyýew — Aýdyň Mämmedow, Gulmyrat Agamyradow — Hally Çaryýew, Didar Orazmedow — Serdar Aýdogdyýew ýaly toparlardan düzülen sürüjiler gatnaşdylar. Olar Milli awtosport merkeziniň agzalarydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar ilkinji 120 kilometr aralygy ulag ýoly boýunça geçerdiler. Olaryň soňky ýoly Garagum çägeleri we alaňlary boýunça dowam etdi. Bu menziliň umumy uzynlygy Derwezedäki pellehana çenli 320 kilometrdir.
 
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Milli awtosport merkeziniň hünärmenleri tarapyndan kesgitlenen bu ugur birnäçe tapgyrlardan ybaratdyr. Munuň özi awtomobil bäsleşigi boýunça ussatlygy kämilleşdirmekde türkmen sürüjileri üçin özboluşly tejribä öwrüler. Bellenilen menzilden yza gaýdylanda sürüjiler paýtagta çenli aralygy ýokary tizlikli awtomobil ýoly boýunça geçerler.
 
Menzilliň esasy bölekleri ýolsuz ýerden geçýär. Şunda awtomobilleriň tizliginiň bellenilen çäkden geçýän ýerleri hem bolýar. Şeýle tizlikde awtoulaglar dolandyrylanda hiç bir ýalňyşlyk ýol berilmesiz ýagdaý bolup durýar. Ýolda gabat geljek päsgelçilikler garaşylmadyk ýagdaýdyr. Ýol ugrundaky bölümler sürüjilere berlen  “ýol kitapçasynda” görkezilendir.
 
2009-njy ýylda Kazan-Aşgabat ugry boýunça Dakar görnüşinde “Ýüpek ýoly” abraýly halkara awtomobil bäsleşiklerine türkmen sürüjileriniň gatnaşmagynda  awtomobil sportunyň döredilmeginiň möhüm şertine öwrüldi. Halkara ýaryşyny geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
 
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda  Milli awtomobil merkezi 2013-nji ýylda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň, Halkara awtomobil federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň, iri awtomobil sporty kompaniýalarynyň, beýleki awtomobil sporty guramalarynyň hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň