Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz onkologiýa hassahanasynda dessin, himiýa we toplumlaýyn bejergi geçirilýär

10:5820.09.2022
0
17619

Ozal habar berşimiz ýaly, Daşoguz şäheriniň günbatar böleginde ýerleşýän Görogly şaýolunyň ugrunda täze, döwrebap hassahanalaryň binalar toplumy guruldy.

Täze toplumyň 14,4 gektara barabar umumy meýdanynyň 8,5 gektar ýerini 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 5,9 gektar bölegini hem 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň binalary eýeleýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň üstüni ýetiren köpugurly hassahana 7, onkologiýa hassahanasy hem 6 binany özünde jemleýär.

Täze köpugurly hassahananyň binalar toplumynda ýerleşýän 26 bölümiň ählisi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şonça bölümiň 21-sinde ýatymlaýyn, 5-sinde hem gatnaw tertibinde bejeriş, öňüni alyş çäreleri geçirilip, ýokary derejede lukmançylyk hyzmaty edilýär. Döwrebap hassahanada saglygy goraýyş işgärleriniň müňden gowragynyň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertler döredildi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

Täze onkologiýa hassahanasy öz ýokary derejesine laýyklykda, dessin, himiýa we toplumlaýyn bejergi geçirmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi. Şeýle saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary döredilýär. Döwrebap hassahanada hem 200-den gowrak iş orny açyldy. Näsaglaryň 150-sine niýetlenen täze hassahanada ýatymlaýyn bölümleriň 6-sy, gatnaw bölümleriniň hem üçüsi bar.
Hassahanalar «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň