Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telewideniýesiniň enjamlary döwrebaplaşdyrylar

10:2620.09.2022
0
25351

Türkmenistanyň Telewideniýe, radio­gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti garamagyndaky teleradio edaralaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça potratçyny saýlap almak üçin bäsleşik yglan etdi. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gurluşyk-gurnama işlerini alyp barmaga, ýyladyş-sowadyş we beýleki gerekli enjamlary getirip, gurnamaga tejribesi bolan ýerli kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi we rekwizitleri görkezilen arza;
  • bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmak;
  • tehniki tabşyrygy almak;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmak.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik teklipli bukjalar 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabryna, sagat 18:00-a çenli görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-20-30; +993 12 44-22-00.

Faks: +993 12 92-52-42.

Salgysy: Aşgabat şäheri, «Türkmenistan» teleradio ýaýlymlar merkezi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň