Geçen hepde TDHÇMB-da 52 geleşik baglaşyldy

23:5618.09.2022
0
13598

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 52 geleşik hasaba alyndy. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen EKO-5 kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Polşanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 30 million 215 müň manatlykdan gowrak bolan ýod erginini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 75 million manatlykdan gowrak bolan, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň